Получи случайную криптовалюту за регистрацию!

Adatça, her kim öz halaýan işini edip, ondan durmuşyny dowam e | GO VIRAL

Adatça, her kim öz halaýan işini edip, ondan durmuşyny dowam etdirmäge ýeterlik pul gazanmagy isleýär. Bu esasan hem döredijilik işi bilen meşgullanýanlar üçin şeýle. Ähli ünslerini döredijilige berýän nakgaşlar, heýkeltaraşlar ýa-da zergärler sungat eserlerini ýerlikli mahabatlandyrmagy ünsden düşürip bilýärler.

Sungat eserini nähili satmaly? Olaryň satyşynda we mahabatlandyrylyşynda nämelere üns bermeli? Döredijilik başarnyklaryny ulanyp, haýsy ugurlarda gazanç edip bolar?

Biziň nobatdaky #GoNight duşuşygymyz ine şu soraglara bagyşlanar. Duşuşygymyza suratkeş-bezegçi Gül Gülesenowa esasy myhman hökmünde gatnaşar. 2017-nji ýyldan bäri "Semanur" sungat galereýasynyň satuw boýunça maslahatçysy bolup işleýän Gül, duşuşygymyzda öz tejribelerini paýlaşar.

: 2-nji iýun, penşenbe

: 16:00-17:30 (Aşgabat wagty bilen)

: Garyşyk

: American Center, Andalyp (1958) köçesi, 70-nji jaý, Işewürlik merkezi, 3-nji gat

Giriş tölegsiz emma ýerler çäkli bolany üçin öňünden ýazylmagyňyzy soraýarys link