Получи случайную криптовалюту за регистрацию!

'Readit' kitap dükany bilen bilelikde geçirýän #GoNight duşuşy | GO VIRAL

"Readit" kitap dükany bilen bilelikde geçirýän #GoNight duşuşygymyzda marketing we aragatnaşyk strategiýalaryny döretmek, bu prosesde üns berilmeli aýratynlyklar, şeýle hem bu ugurlarda Türkmenistandaky trendler we tejribeler barada söz açylar. 

Marketing meýilnamasynyň esasy maksady bazar analiziniň netijesinde kesgitlenen geljekki müşderilere harydy ýa-da hyzmaty satmak we onuň mahabatlandyryş işlerini geçirmek bolsa, aragatnaşyk meýilnamasynyň esasy maksady brendiň gymmatlyklaryny köpçülige ýetirmek bolup durýar.

Myrat Haýytbaýew - "Kindi" brendiniň COO-sy, "Readit" kitap dükanynyň esaslandyryjysy

Batyr Berdiýew - UNFPA-nyň sanly aragatnaşyk boýunça konsultanty, "Go Viral" taslamasynyň Türkmenistandaky hormatly ilçisi

: 24-nji aprel
: 16:00-18:00
: "Readit" kitap dükany, "Aşgabat" SDM, 0-njy gat

Giriş tölegsiz emma ýerler çäkli bolany üçin öňünden ýazylmagyňyzy soraýarys.

Registrasiýa üçin link

#GoNight #GoViralCA